Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda kabul eden “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” 14246 belgili Kararynda ilatyň talaplaryny kanagatlandyrmak we ýurduň abadançylygyny ösdürmek üçin öz oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksady bilen zerur çäreleri görmek zerurdygy hakynda belledi.
Şeýle giň mümkinçilikleri döredendigi üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirip, “Agzybir Ojak” Hojalyk jemgyýeti hökmünde öňümizde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýändigimize ynandyrmak isleýäris.
2016-njy ýylda döredilen “Agzybir Ojak” Hojalyk jemgyýetimiz Türkmenistanda dürli azyk önümlerini öndürmekde we oba hojalygynda ýöriteleşýär. Sanawynda iň ýokary derejeli hünärmenleri bolan “Agzybir Ojak” Hojalyk jemgyýeti, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşliligini giňeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň ilatyna hödürlenýän önümleriň bahasynyň elýeterli bolmagy üçin birnäçe ugurda işleýär.
Häzirki wagtda kompaniýamyz tarapyndan işlenip düzülýän esasy ugurlardan biri – dünýäde iň gowy markalardan pes bolmadyk ýokary hilli künji we künji ýagy bilen Türkmenistanyň ilatyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýagy öndürmek üçin çig mal Türkmenistanyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen künji bolar. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny dowam etdirmek bilen (kompaniýany esaslandyryjynyň atasy geçen asyryň 1885-1930-njy ýyllarynda künji ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek bilen meşgullanypdyr) “Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda künjiniň ýagly sortlaryny ösdürip ýetişdirýär. Önümleri gaýtadan işlemek we öndürmek Ahal welaýatynyň çäklerinde gurulýan künji ýagyny öndürýän zawodymyzda amala aşyrylar.
Künji (künji ösümligi) türkmen halkynyň däp bolan medeniýeti bolup, aşpez önümlerine we naharlaryna goşundy hökmünde we gaýtadan işlenen (künji ýagy, halwa, kozinaki) hökmünde nahar bişirmekde peýdasy we köp taraplylygy bilen meşhurdyr. Biziň kompaniýamyz tarapyndan bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň biri – Türkmenistanyň çäklerinde künji ösdürip ýetişdirmek medeniýetini dikeltmek we ony mundan beýläk gaýtadan işlemek.
Kompaniýamyzyň ýene bir iş ugry – haýwan iýmleri üçin silos we ot-iým kök ekinlerini ösdürip ýetişdirmek. Bu maksat bilen kompaniýamyz geljekde Ahal welaýatynyň topraklarynda oba hojalyk önümleriniň görnüşliligini giňeltmegi meýilleşdirýär – dürli däne, kösükli (noýba, nohut, merjimek) we ýag alynýan ösümlikleri (arahis hozy, pisse hozy, keşýu we başgalar) ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär.
“Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýetiniň ýakyn wagtda alyp barýan işiniň ýene bir täze ugry – yuwujy serişdeleri önümlerini öndürmek bolar. Häzirki wagtda şahsy arassaçylyk önümleriniň we öý tämizlik serişdeleriniň düzümini işlemek boýunça işler alnyp barylýar, dizaýn we ykdysady meseleler çözülýär. Şol bir wagtyň özünde häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen we ähli arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen ýylda 20 müň tonna ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän zawodyň gurluşygy dowam edýär. Zawodda ýörite döredilen we iş üçin zerur bolan ähli ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen barlaghananyň ýokary hünärli işgärleri tarapyndan önümiň hiline gözegçilik amala aşyrylar.
Geljekde ilatymyzy et önümleri bilen üpjün etmek meselesine-de seredýäris. Bu maksat bilen iri şahly mallary satyn almak, ösdürip ýetişdirmek üçin şert döretmek we geljekde eti gaýtadan işlemek we ýokary hilli et önümlerini öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.
Öz iş ugurlaryny giňeldip, “Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň ilatyny içerki önümçiligiň dürli görnüşli ýokary hilli önümleri bilen üpjün etmäge çalyşýar, şol bir wagtyň özünde onuň iş bilen üpjünçiligi we degişlilikde abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin şertleri döredýär.