Biziň maksadymyz

Öňde goýlan maksatlar

1. Azyk önümleriň we yuwujy we tämizlik serişdeleriň ýerli markasyny döretmek. 

2. Her ýyl harytlaryň görnüşliligini köpeldip, ilata hödürlenýän harytlaryň görnüşliligini giňeltmek.

3. Täze iş orunlaryny döretmek arkaly ýurdumyzyň makroykdysady ösüşine goşant goşmak.

4. Ýerli önümçilige ýardam etmek we ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek. Daşary ýurt pul serişdeleriniň ýurduň çäklerinden çykmagyny azaltmak, önümleriň halkara bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ýurdumyzyň eksport potensialyny ýokarlandyrmak.

Üstünligiň açary

“Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýeti bu maksatlara üstünlikli ýetmek üçin şu aşakdakylary möhüm hasaplaýar.

1. Bazardan has ýokary hilli önüm öndürmek.

2. Müşderiniň hoşallygyny  gazanyp, ony hemişe ilkinji hatarlarda goýmak.

3. Bazary täze önümler bilen durnukly üpjün etmek.