“Agzybir ojak” HJ -niň bu taslamasy häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak we ähli arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen şahsy ideg we öý himiki ýuwujy önümlerini mundan beýläk öndürmek maksady bilen öý himiki ýuwujy önümlerini öndürýän zawodyň gurluşygyndan ybaratdyr.
Zawodyň gurluşygy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň demirýol liniýasynyň golaýynda “Üzümçilik” Daýhan birleşiginiň çäklerinde uzak möhletleýin kärendesine bölünip berlen ýer böleginde meýilleşdirilýär.
Zawod iki önümçilik sehinden, taýýar önümler üçin we çig mal ammarlardan, barlaghana bölüminden we beýleki dolandyryş we kömekçi desgalardan ybarat bolar. “Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýeti zawodyň gurluşygyny hususy serişdeleriň hasabyna amala aşyrmagy maksat edinýär.
Öý himiki ýuwujy önümleri her bir adamyň durmuşynda möhüm we aýrylmaz orun eýeleýär. Hakykatdan hem, şahsy zatlary we eşikleri arassalamak üçin her dürli arassalaýjy, ýuwmak we dezinfeksiýa etmek serişdeleri ulanylýar.
Öý himiki ýuwujy önümleriniň öndürilmegi giň dolanyşyga ýuwujy serişdeleriň şu aşakdaky görnüşlerini goýberýär:
- ýuwmak we kir ýuwmak üçin himiki maddalar;
- öýe ideg etmek üçin maddalar;
- arassalaýjy serişdeleri.
Öý himiki serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek.
Kir ýuwujy serişdelerini ýuwujy serişdelerine, agardyjylara we suw ýumşadyjylaryna bölüp bolar. Olaryň aglabasy häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda öndürilýänligi üçin uniwersal we köpugurly serişde bolup durýar. Sebäbi olar diňe bir gezek ulanylmagy bilen üstleriň arassalygyny dolulygyna dikeltmäge ukyply. Emeli ýuwujy serişdeler toz, dürli pasta we suwuklyk görnüşinde öndürilýär.
Öý himiýa ýuwujy önümleri ulanylýan gaplaryň we gaplamalaryň amatlylygyny we aýratynlyklaryny hem göz öňünde tutýar. Şeýle hem, birnäçe görnüşi bolan we uly tapgyrlar bilen öndürilýän sabyny ýuwujy serişdelere degişli edip bolar.
Arassalaýjy serişdeler öz gezeginde gowşak abraziw häsiýete eýe bolup, üstleri bar bolan hapalardan toplumlaýyn arassalamak üçin öndürilýär. Emma arassalaýjy serişdeleriň köpüsinde daşky gurşaw üçin howpsuz bolmadyk komponentler bar, olar hapa bölejikleri çalt ýok edýär we eredýär, ýöne adam organizmine täsir edip biler.
Häzirki wagtda pudagyň köp hünärmenleri iň täze tehnologiýalary we diňe tebigy önümleri we komponentleri ulanmak bilen şeýle komponentleriň goşulan öý himiki ýuwujy önümlerini öndürmekden boýun gaçyrýarlar. Fosfatsyz önümler gaty meşhurlyga eýe bolup, ulanmakda howpsuz we üstlerdäki hapalary aňsatlyk bilen aýyrýarlar. Şonuň üçin ýuwujy we arassalaýjy serişdeler satyn alnanda, düzüminde fosfatlaryň bardygyna üns berilmelidir.