Bu taslama Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň demirýol liniýasynyň golaýynda “Üzümçilik” Daýhan birleşiginiň çäklerinde uzak möhletleýin kärendesine bölünip berlen ýer böleginde “Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýetiniň ösümlik ýagyny gaýtadan işleýän zawodynda künji ýagyny öndürmegi göz öňünde tutýar.
Zawodyň gurluşygy “Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýetiniň hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Künji ýagyny öndürmek boýunça bar bolan kadalaşdyryjy talaplara laýyklykda ammarlar, tohumlary arassalamak üçin bina, ösümlik ýagyny sykmak üçin bina, paýlaýjy sehi, şeýle hem tehnologiki prosesleri berjaý etmek, ýangyn, arassaçylyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça ähli talaplary berjaý etmek bilen zawodyň işini üpjün etmäge mümkinçilik berýän kömekçi desgalar gurlar.
Ýagy öndürmek üçin çig mal “Agzybir ojak” Hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň çäklerinde künjini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ekiş ýerlerinden getiriler. Künjini getirmek üçin düşüriji enjam we çig mallaryň ammarlaýyş ýerine – ýörite şemalladylýan ammarlara, awtomatiki usulda berilmegini üpjün edýän getiriji demir ýol liniýasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Şondan soň tohumlar bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze tehnologiýalaryna laýyklykda tohumlaryň görnüşi we hili boýunça awtomatiki arassalanmagy, saýlanylmagy we kalibrlenmegi üçin ussahana gidýär.
Şondan soň tohumlar bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze tehnologiýalaryna laýyklykda tohumlaryň görnüşi we hili boýunça awtomatiki arassalanmagy, saýlanylmagy we kalibrlenmegi üçin ussahana gidýär.
Önümçilik liniýasynyň ahyrynda künji ýagy awtomatiki doldurma liniýalarynda ýörite çüýşelere guýulýar.